Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» kärhanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny ýetip gelen baýramçylyklar bilen gutlaýar

16:2417.05.2022
0
3407
«Aýbölek» kärhanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny ýetip gelen baýramçylyklar bilen gutlaýar

18-nji maýda Türkmenistanda iki sany özboluşly baýramçylyk — Türkmenistanyň Kostitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenilip geçiler.

«Aýbölek» mebel kärhanasynyň agzybir we dostlukly hünärmenleri türkmenistanlylaryň her birini ýetip gelen baýramçylyklar bilen mähirli gutlaýar.

«Bu baýramçylyk gününde biziň agzybir işgärlerimiz Watanymyzyň häzirki döwürde gülläp ösüşini we bagtyýarlygyny, ähli ildeşlerimize bolsa berk jan saglygyny we öňde goýan maksatlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýärler».

Bu ýylda Türkmenistan Esasy Kanunynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyny baýram edýär. Konstitusiýa we Ýaşyl Tug — ýurduň esasy döwlet nyşanlary bolup, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň esaslarynyň eldegrilmesizligini alamatlandyrýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň