Soňky habarlar

Arhiw

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi boş iş orunlaryny yglan etdi

15:3516.05.2022
0
23746

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkezi öwretmek boýunça kömekçi (Training Assistant) hem-de sürüji wezipeleri üçin boş iş orunlarynyň yglan edilýändigini habar berýär.

Sürüji iş orny üçin şu hili talaplar bildirilýär:

  • B derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolmaly we ýerli ýol hereketiniň kadalaryny, sürüjilikden ýeterlik baş çykarmaly;
  • Azyndan 2 ýyllyk sürüjilik tejribesi bolmaly, ulagy howpsuz dolandyrmagy başarmaly;
  • Ulag serişdesiniň kiçi göwrümli bejeriş işlerinden baş çykarmaly, ulagy uzak wagtlap dolandyrmagy başarmaly, bagažy galdyrmak we şonuň ýaly uly zähmeti talap etmeýän işleri ýerine ýetirip bilmeli;
  • Ýerli dili oňat bilmek bilen birlikde iňlis dilini hem ýeterlik derejede bilmek;
  • Dürli medeniýetli we dürli dine uýýan adamlar bilen, şeýle-de dürli syýasy garaýyşly hünärmenler toparynda obýektiw iş alyp barmak ukyby.

Iş orny barada has giňişleýin gyzyklanmak üçin salgylanma girip bilersiňiz.

Öwretmek boýunça kömekçi iş ornuna bildirilýän talaplar:

  • Ofis dolandyryşynda we taslamalar bilen işlemekde, hususan-da halkara guramasy bilen işleşmekde azyndan 4 ýyllyk iş tejribesi bolan bolmaly;
  • Microsoft programmalarynda amaly işleri alyp barmak bilen bagly kompýuter sowatlylygynyň bolmagy;
  • Türkmen, rus we iňlis dillerinde ýeterlik derejede ýazuw hem-de sözleýiş başarnygynyň bolmagy;
  • Dürli medeniýetli we dürli dine uýýan adamlar bilen, şeýle-de dürli syýasy garaýyşly hünärmenler toparynda obýektiw iş alyp barmak ukyby.

Iş orny barada has giňişleýin gyzyklanmak üçin salgylanma girip bilersiňiz.

Boş iş orunlary üçin arzalar 3-nji iýuna çenli kabul edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň