Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

12:0914.05.2022
0
1114

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna her ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanda ulydan bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna, şeýle-de «Ak şäherim Aşgabat» atly ХXI köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýeriň hasabat bermegine görä, şu ýyl bu sergä ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, edara-kärhanalaryň, hususy ulgamyň wekilleriniň 80-den gowragy gatnaşmaga isleg bildirýär. Her ýyl geçirilýän halkara sergide Türkmenistanyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň hem-de düzümleriň täze teklipleri we gazanan üstünlikleri, Aşgabat şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanyna ýurdy senagat taýdan ösen ýurda öwürmek, milli ykdysadyýetde işleriň guralyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk çäreleriniň hödürlenen meýilnamasyny makullady hem-de milli senenamamyzyň şanly seneleriniň örän wajypdygyny aýratyn nygtap, meýilleşdirilen dabaralaryň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde, döwrüň ruhuna laýyklykda, ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň