Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan şekeriň önümçiligini artdyrmakçy

15:5313.05.2022
0
4928

Gazagystan ýurtdan şekeriň çykarylmagyna wagtlaýyn gadaganlyk girizdi, bu barada karara ýurduň oba hojalyk ministri Ýerbol Karaşukeýew gol çekdi. Resminama 23-nji maýdan güýje girer diýip, MIR24 ýazýar.

Gadaganlyk ýarym ýyl dowam eder, bu döwürde respublikanyň çäginden ak şekeri we şekerçiňrigiň çig malyny çykarmak bolmaz. Sebäbi Gazagystanda ady tutulan önüm martyň ortasyndan bäri gymmatlap başlady. Iň ýokary nyrhlar Nursultanda, Almatyda we Kostanaýda hasaba alyndy. Ýurt boýunça şekeriň ortaça bahasy 400 teňňä deň.

«Nyrhlar arzanlar diýip bolmaz. Şeker öndürýän zawodlaryň dyngysyz işlemegi üçin bize azyndan bäş million tonna şugundyr gerek. Bu häzirki gün amal edip boljak möçber däl. Köp fermerler şugundyr ekmekden ýüz öwürýärler, sebäbi suw ýetenok» diýip, Gazagystanyň şeker, azyk we gaýtadan işleýän senagat assosiasiýasynyň prezidenti Aýžan Nowruzgaliýewa aýdýar.

Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurtda her ýyl şekeriň 500 müň tonnadan gowragy sarp edilýär, onuň 7 göterimi ýerli senagata degişlidir. Şonuň üçin bu görkezijini artdyrmak gerek. Döwlet telekeçilere bu maksat üçin ýeňillikli karzlary bermekçi. Öň Gazagystanda dänäniň we unuň eksportyna çäklendirlemeler girizilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň