Almatyny suw basdy

14:1512.05.2022
0
1527
Almatyny suw basdy
Surat: tengrinews.kz

MIR24 habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, düýn güýçli ýagynlar sebäpli Almaty şäheriniň köçeleri derýa meňzedi. Ýollarda ulaglardyr awtobuslar ýüzüp ýör.

Şeýle ýagyşda saýawan däl-de, gaýyk gerek. Almatyny bir sagadyň içinde suw basdy, adamlar öýlerine dyzyňa çenli suwdan ýöräp ýetýärler. Ýollarda hereket ýatyryldy. Howlular, ýerasty ulag goýulýan ýerler, ýerzeminler suwuň aşagynda galdy. Ýagyna hatda öýleriň üçegi hem tap getirip bilmedi, adamlar bedredir legenli üçekden akýan suwy daşary serpýärler. Köçeleri 600 adam, 250 sany ýörite tehnikalar suwdan boşatmaga gatnaşýarlar.

Howa maglumaty gullugy çabgalaryň ýene azyndan üç gün dowam etjekdigini çaklaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň