Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ulaglaryň tizligi üçin jerimeleriň möçberi artdyryldy

23:5711.05.2022
0
82014

«Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna girizilen goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň hatarynda ýol hereketiniň düzgünleri bilen bagly birnäçe üýtgeşmeler bar. «Mir24-iň» habar bermegine görä, Kanunyň rejelenen görnüşinde ýol hereketiniň düzgünlerini bozanlaryň jerimeleri artdyryldy.

Kanun resmi taýdan çap edilen gününden — 2022-nji ýylyň 11-nji maýyndan güýje girýär.

Resminama laýyklykda, bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy — binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy — binýatlyk mukdaryň üçüsi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Sürüjiniň gaýtadan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi — binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 50 kilometrden ýokary artdyrylmagy — binýatlyk mukdaryň ýedisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Sürüji tarapyndan gaýtadan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi — ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aý möhlete çäklendirilmegine eltýär.

Ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň, beýleki ýol desgalarynyň ýa-da ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdeleriniň zaýalanmagy, şol sanda ýol örtüginiň hapalanmagy, şeýle hem dürli gurluşlaryň gurulmagy, agaçlaryň ekilmegi ýa-da olaryň öz wagtynda çapylmazlygy netijesinde ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdelerine gözýetimiň çäklendirilmegi, eger bu ýol hereketi üçin päsgelçilik ýa-da howp döredýän bolsa — fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsi möçberinde, ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

«Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bilen «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinden tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň