Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Peru Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

11:5807.05.2022
0
4476

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Peru Respublikasynyň Prezidenti Pedro Kastilo hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Peru Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow Prezident Pedro Kastilo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Peru Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň