Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlislerine Gurbanguly Berdimuhamedowyň ornuna K.Babaýew gatnaşar

23:5506.05.2022
0
33269

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew hasabat bilen çykyş etdiler.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany hasabaty diňläp, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip şeýle diýdi:

– Bilşiňiz ýaly, hormatly Arkadagymyz köp sanly jemgyýetçilik işlerini alyp barýar, Haýyr-sahawat gaznasyna ýolbaşçylyk edýär. Dürli kanunlaryň taýýarlanmagyna we kabul edilmegine gatnaşýar. Welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde iş saparynda bolýar. Şoňa görä-de, hormatly Arkadagymyz Hökümeti mejlislerine we dürli maslahatlara gatnaşmagy öz orunbasary K.Babaýewa tabşyrdy.

«Türkmenportalda» düýn habar berşimiz ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, şeýle-de Türkmenbaşydaky täze açylan köpugurly hassahanada bejergi alýan çagalar bilen duşuşdy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň