Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky köpugurly hassahanada bejergi alýan çagalar bilen duşuşdy

23:3805.05.2022
0
7094
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky köpugurly hassahanada bejergi alýan çagalar bilen duşuşdy

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenbaşy şäherinde açylan köpugurly hassahana baryp gördi.

Gahryman Arkadag bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, bu ýerde ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlary we onuň netijeleri bilen gyzyklandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde hormatly Arkadag bejergi alýan çagalaryň doly sagalýança gözegçilikde saklanjakdygyny we olaryň sagalyp, deň-duşlary bilen durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur goldawlaryň ediljekdigini, şeýle-de bu çagalara Gurbaguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan degişli ýardam beriljekdigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hassahanada bejergi alýan çagalar we olaryň hossarlary, şeýle-de lukmanlar bilen söhbetdeş boldy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň