Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine Sukuba uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen alymlyk derejesi berildi

07:0614.03.2015
0
6588

Aşgabat, 14.03.2015. “Türkmenportal”.

13-nji martda «Palaсe» myhmanhanasynda türkmen Liderine Sukuba uniwersitetiniň «Hormatly doktory» diýen alymlyk derejäni bermek dabarasy boldy. Munuň üçin belent mertebeli myhmanyň kabulhanasyna Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke, wise-prezidenti Benton Kalorina we professor Usuýama Toşinobu geldiler.

2013-nji ýylda Sukuba uniwersiteti bilen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda ylmy alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Ol ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeläp, diňe gündogar filologiýasynda we edebiýatynda däl, eýsem, ekologiýa, ykdysadyýet we energetika hem-de lukmançylygyň köp ugurlary we beýleki pudaklarda möhüm barlaglary geçirmegiň girewi bolmaga gönükdirilendir.

Türkmen döwletiniň Baştutany we Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçylary «Palace» myhmanhanasynyň zalyna barýarlar. Bu ýere şu uniwersitetiň hem-de Ýaponiýanyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, talyplary, ylym hem-de tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça ýapon-türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar.

Bu ýerde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine Sukuba uniwersitetiniň «Hormatly doktory» diýen alymlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli dabara boldy.

Jenap Kýosuke dabarany açyp, Türkmen döwletiniň Baştutanyna Sukuba uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen alymlyk derejesiniň berilýändigini yglan edip bu ýere ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmany tüýs ýürekden mähirli mübärekledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçylaryny we professor-mugallymlar düzümini, onuň talyplaryny, duşuşyga gatnaşyjylaryň hemmesini mähirli mübärekläp, Sukuba uniwersitetiniň «Hormatly doktory» diýen belent adyň dakylandygy üçin Ýaponiýanyň abraýly ylym-bilim merkeziniň işgärler toparyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

“Bu belent ady, ilkinji nobatda, bütin adamzadyň bähbitleri üçin ýadawsyz zähmet çekýän ähli türkmen halkynyň bitiren hyzmatyna berlen baha hasap edýärin”diýip milletiň Lideri aýtdy. Ylmyň we bilimiň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki wajyp ornuny belläp, döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýaşlarymyzyň bilim derejesini ösdürmäge uly üns berýändigini, çünki ýaş nesillerimizi ýurdumyzyň geljegi hasaplaýandygymyzy nygtady.

Ýurdumyzda häzirki zaman ylymlar mekdebini döretmek üçin biz her ýyl täze okuw mekdeplerini açýarys, talyplarymyzyň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmagy üçin zerur bolan ylmy binýady hem-de ähli şertleri döredýäris diýip, milletiň Lideri belledi. Geçen ýyl biz Ylymlar akademiýasynyň düzüminde Tehnologiýalar merkezini hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini açyp, ulanmaga berdik. Bu merkezde we uniwersitetde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde işlemek üçin ähli şertler döredildi. Milletiň Lideri ýurdumyzyň iri taslamalary öňe sürmäge we durmuşa geçirmäge, iň täze tehnologiýalary çekmäge hem-de giň gerim bilen ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýalara we milletiň aň-paýhas mümkinçiligine daýanýan nusgasy ylmy we bilimi ösdürmäge we umuman, ýurduň üçünji müňýyllykda durmuş-ykdysady ösüşiniň alamaty hökmünde ýokary derejede ösen intellektual jemgyýeti döretmäge aýratyn üns berýän häzirki zaman Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup biler. Okgunly we täsir galdyrýan ykdysady ýokary göterilişi gazanan Ýaponiýanyň tejribesi ösüşlere beslenen özgertmeler ýoluna düşen Türkmenistana gyzykly we peýdalydyr.

Hormatly Prezidentimiz medeniýet we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde ýaponiýaly dostlarymyzyň hyzmatyna ýokary baha berdi. Geçen ýyl biz türkmen halkynyň taryhynda möhüm senäni — beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny giňden belläp geçdik. Ýaponiýada hem bu ýubileýe bagyşlanan dabaraly çäreler ýokary derejede geçirildi. Biz geçirilen bu çäreler üçin size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris diýip, döwlet Baştutany Magtymgulynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň goşgularyny terjime eden ýapon terjimeçilerine hem hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýaponiýaly kärdeşlerimiziň aýratyn hyzmatlaryny belläp, Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň saglygy goraýyş meseleleri boýunça ýörite geňeşçisi, «Medical Excellence Japan» guramasynyň prezidenti jenap Şuzo Ýamamotonyň, «Toshiba» saglygy goraýyş kompaniýasynyň prezidenti jenap Satoşi Tsunakawanyň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanýandygyny yglan etdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sylaglanan adamlary gutlap, şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, ýaponiýaly dostlary bu taryhy senäniň hormatyna ýurdumyzda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde geçirilýän toý dabaralaryna, şol sanda döwlet Baştutanlarynyň, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek ýokary derejeli Bütindünýä maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk» atly maslahat 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň