Maý aýynda Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebinde internet-olimpiada geçiriler

16:0230.04.2022
0
14493

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda halkara olimpiadalary geçirmek göz öňüne tutulýar. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew hasabatynda habar berdi.

17-nji maýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet-olimpiada guralar, 20-nji maýda bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça açyk halkara internet-olimpiada geçirer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu babatda halkara derejeli bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini, munuň ýurduň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ýokary okuw mekdepleri bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna-da ýardam etjekdigini nygtady diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň