Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekmek meýilleşdirilýär

23:0429.04.2022
0
10641

Şu gün geçirilen Minstrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, ondan 82 müň 400 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň