Soňky habarlar

Arhiw

«Forsaž 10» režissýorsyz galdy

17:5427.04.2022
0
7515
«Forsaž 10» režissýorsyz galdy
Surat: gazeta.ru

Köp tapgyrly «Forsaž» filminiň 10-njy bölümi surata düşürilip başlan wagtyndan film režissýorsyz galdy. Döredijilik babatda düşünişmezlikler zerarly Jastin Lin režissýorlyk wezipesinden el çekip, taslamanyň amala aşyrylmagynda prosýuser hökmünde işini dowam etdirmäge girişdi.

Kinematograf öz beýanatynda: «Men bu taslamada režissýorlyk wezipesinden daşlaşyp, prodýuser hökmünde işimi dowam etmekde kyn karara geldim. <...> Goldaw beren ajaýyp aktýorlar düzümine, surata düşürýän topara hem-de studiýanyň hünärmenlerine hemişe minnetdardyryn» – diýip belleýär.

Indi taslamany durmuşa geçirijiler filmiň surata düşürilmeginde täze režissýor bellenilýänçä, gysga möhletleýin arakesme alarlar. Bu babatda gazeta.ru saýtynyň belleýşi ýaly, Liniň wezipesinde iş alyp barjak täze hünärmeniň kim boljakdygy ýakyn wagtda mälim bolar.

Filmiň köpçülikleýin tomaşaçylara ýetiriljek senesi häzirlikçe nämälim bolsa-da, onuň tanyşdyryşy adatdaky ýaly 2023-nji ýylyň maý aýyna meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň