Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplarynyň arasynda bedenterbiýe we sport temalary boýunça ýaryş geçirildi

17:4427.04.2022
0
5648

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda onlaýn bäsleşik geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň 10-syndan 80-den gowrak talyp gatnaşdy.

Talyplara bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sport ähmiýetli binalar, taryhy seneler we wakalar, sportuň görnüşleri hem-de olaryň düzgünleri, sport oýunlary, baýramlary we başga-da ençeme zatlar barada 100 sowal taýýarlanyldy. Öňe saýlananlar üçin sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän daşary ýurtly hem-de türkmen kinematografiýaçylarynyň, ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň döredijiligi barada sowallaram berildi.

Bäsleşigiň jemi boýunça baýrakly ýerleriň 10-sy: 3 birinji, 3 ikinji we 4 üçünji orunlar kesgitlenildi.

  • 1-nji orun: Ajap Batyrowa (Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Türkmenabat şäheri), Mähri Ýagşymyradowa (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) we Enar Myradowa (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty).
  • 2-nji orun: Abylesen Aşyrdurdyýew (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Rahym Kakadurdyýew (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti) we Oraz Berdiýew (Türkmen oba hojalyk instituty).
  • 3-nji orun: Nepes Saparnazarow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Mary şäheri), Ymammuhammet Agalyýew (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) Gülhatyja Gurbanmämmedowa (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty), Babahan Janmyradow (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti).

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň