Soňky habarlar

Arhiw

Marydaky nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde «Açyk gapylar» günleri geçiriler

11:5426.04.2022
0
6267

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde şu ýylyň 14-nji, 21-nji we 28-nji maýynda «Açyk gapylar» günleri geçiriler.

«Açyk gapylar» gününe Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary, şeýle hem önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar we bu orta hünär okuw mekdebinde okamaga isleg bildirýän beýleki ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Ýaşlar «Açyk gapylar» gününde Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdyrylar. Şeýle hem ýaşlara döwrebap okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, sport toplumy, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler.

  • Mekdebiň salgysy: Mary welaýaty, Mary şäheri, Kemine köçesiniň 33-nji jaýy.
  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (522) 4-66-65, 4-66-16, 4-66-02.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň