Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gaýa» gurluşyk materiallarynyň kärhanasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

11:2725.04.2022
0
12527

Gury gurluşyk garyndylaryny hem-de gips karton önümlerini öndürýän «Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti daşary ýurtly kärhanalary we türkmenistanly telekeçileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. Häzirki wagtda «Ak gaýa» HJ-niň önümleri gurluşyk materiallaryny satýan dükanlary, şeýle-de gurluşyk we öý abatlaýyş işlerini ýerine ýetirýän gurluşyk kärhanalaryny giňden gyzyklandyrýar.

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň gury gurluşyk garyndylary (suwag garyndylary, grunt garyndylary, gurluşyk gipsi) sertifikatlar bilen tassyklanyp, halkara hil standartlaryna laýyk gelýär.

Ammaryň amatly guralan işi we önümleriň hemişelik ätiýaçlygy gurluşyk materiallaryny gerekli wagtynda bazarlara ibermäge mümkinçilik berýär.

Gurluşykda giňden peýdalanylýan gury garyndylaryň zawody Balkan welaýatynyň Akdaş şäherinde ýerleşýär. Ýakyn geljekde bu önümçilik kärhanasynyň işini has-da kämilleşdirmek we önümleriň görnüş sanyny artdyrmak göz öňüne tutulýar.

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň dükanlar torunyň bardygyny we olarda berkidiji kiçi demir şaýlary, santehnika enjamlary, gurallar, boýaglar, öý-hojalyk tehnikalary we beýleki zerur gurluşyk harytlarynyň ýokary hilli görnüşleriniň alyjylara ýetirilýändigini hem bellemek gerek.

Kärhananyň önümleri bilen web saýtyndan ýa-da «Ak gaýa» dükanlaryna baryp tanşyp bilersiňiz:

  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, «Ak gaýa» söwda merkezi, telefon belgileri: 575555, +993 65 411010;
  • Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 40-njy jaý («Ak gaýa»), telefon belgileri: 575757, 754375, +993 64 664488;
  • Aşgabat ş., «Ak Tam Bazary» terminal toplumy, 1-2-nji dükanlar, telefon belgileri: +993 65 546232, +993 62 822220.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň