Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gaýa» HJ gurluşyk garyndylarynyň köpdürli görnüşlerini öndürýär

09:2605.04.2022
0
5508

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti dürli görnüşdäki öndürýän önümlerini müşderilere hödürleýär. Bu ýokary hilli gurluşyk garyndylary deslapky suwag, suwag hem-de ahyrky suwag, gurluşyk gipsi, maşynda edilýän suwag üçin garyndylar, şeýle hem gips tagtalary ýaly önümlerdir. Bu önümlere diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär.

Kärhananyň degişli önümçilik pudagynda 27 ýyllyk tejribesi bar. «Ak gaýa» HJ daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk garyndylarynyň söwdasyndan başlap, 2015-nji ýyldan öz gipslerini we suwag garyndylaryny, geçen ýyldan bäri bolsa gips kartonlaryny öndürip başlady.

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň zawody Balkan welaýatynyň Akdaş şäherinde ýerleşýär. Zawodyň önümçilik kuwwaty 4 million inedördül metr gips kartonyny hem-de 5 müň tonna çenli gurluşyk garyndylaryny öndürmäge ukyply. Zawod Ispaniýadan, Türkiýeden we Hytaýdan getirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

«Ak gaýanyň» gurluşyk we öý hojalyk harytlarynyň dükanlarynda hem santehnikanyň dürli görnüşi, gurluşyk harytlary, öýleri abatlamak üçin zerur bolan we islendik binagärlik maksatlaryny amala aşyrmak üçin niýetlenen gurallar we enjamlar alyjylara ýetirilýär.

Aşgabat şäherinde kärhananyň önümleri bilen şu salgylarda tanşyp bilersiňiz:

  • Terminal toplumy, «Ak gaýa» söwda merkezi. Telefon belgileri: 57-55-55 / +99365-41-10-10;
  • 2127-nji köçe (G.Kulyýew köçesi), 40-njy jaý (Ak gaýa). Telefon belgileri: 57-57-57 / 754375 / +99364-66-44-88;
  • «Ak tam» bazary terminal toplumy, 1-nji we 2-nji dükanlar. Telefon belgileri: +99365-54-62-32 / +99362-82-22-20.

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti abatlaýyş işleri bilen meşgullanýan kärhanalary, hususyýetçileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. «Ak gaýa» — bu hil bilen bahanyň amatly sazlaşygy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň