«Ak gaýa» dükanlar tory gurluşyk we abatlaýyş işleri üçin gurallary hödürleýär

10:4718.04.2022
0
5982

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna gurluşykda we öý abatlaýyş işlerinde peýdalanmak üçin dürli hili gurallary hödürleýän dükanlaryny tanyşdyrýar.

«Ak gaýa»-nyň dükanlarynda gurluşyk we abatlaýyş işleri bilen meşgullanýan ussalar, şeýle-de bu işler bilen özbaşdak gyzyklanýanlar üçin Hytaýyň «INGCO» kompaniýasynyň ýokary hilli önümleriniň köpdürli görnüşleri ýetirilýär. Olaryň hatarynda dürli ölçegdäki açarlar, dreller, perforatorlar, otwýortkalar, byçgylar we igeler, çekiçler, çüý çykaryjylar, atagzylar, swarka enjamlary, ölçeýji enjamlar — çyzgyçlar, ruletkalar, dereje ölçeýjiler ýaly gurallar bar. Bu gurallar ýekeleýin we toplumlarda satylýar.

Dükanlarda berkidiji materiallardan boltlar, şuruplar, gaýkalar, çüýler, burçluklar, izolentalar, ýaýlar, şeýle-de respirator-maska, ellikler ýaly gorag enjamlary bar.

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň dükanlaryndan myhman otaglary, ýatylýan otaglar, çagalaryň otaglary we aşhanalar üçin islendik hili mebelleri, sanitar-tehniki enjamlary, gurluşyk we abatlaýyş materiallaryny, boýaglary, daşarky we içerki işler üçin emulsiýalary, howly üçin gurallary, dürli hili pollary (plitkalar, laminat), hammam plitalaryny, şonuň ýaly-da dürli öý-goş enjamlary we elektrik enjamlaryny satyn alyp bilersiňiz.

Belläp geçsek, «Ak gaýa» HJ Türkmenistanda gury gurluşyk erginlerini öndürýär we olary ýurduň ähli künjeklerine paýlaýar. «Ak gaýanyň» önümleri, şol sanda bu ýerde öndürilýän suwaglaryň dürli görnüşleri, gipsler we gips karton örtükleri içerki bazarda uly isleg bilen peýdalanýar we olaryň hili bahalaryna laýyk gelýär.

«Ak gaýa» dükanlarynyň salgylary:

  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, «Ak gaýa» söwda merkezi, telefon belgileri: 575555, +993 65 411010;
  • Aşgabat ş., 2127-nji köçe (G.Kulyýew köçesi) 40-njy jaý («Ak gaýa»), telefon belgileri: 575757, 754375, +993 64 664488;
  • Aşgabat ş., «Ak Tam Bazary» terminal toplumy, 1-2-nji dükanlar, telefon belgileri: +993 65 546232, +993 62 822220.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň