Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Mongoliýanyň halkyna bolsa öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.