Gazna biržalarynyň işi ygtyýarlylandyrmaga degişli edildi

22:3722.04.2022
1
13184

Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň bazaryny has-da ösdürmek maksady bilen, şeýle hem «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, maliýe bazarlaryny dolandyrmagy (diňe gazna biržalarynyň işi) ygtyýarlylandyrmaga degişli edildi we işiň bu kiçi görnüşi boýunça ygtyýarnamanyň berilmegi üçin degişli döwlet pajy degişli möçberde bellenildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi maliýe bazarlaryny dolandyrmagy (diňe gazna biržalarynyň işi) ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmaga borçly edildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň