Gazagystanly we hytaýly atşynaslaryň ikisi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi

22:2720.04.2022
0
2441
Gazagystanly we hytaýly atşynaslaryň ikisi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi

Gazagystanly we hytaýly atşynaslaryň ikisi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Türkmen döwletiniň Baştutany, assosiasiýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna türkmen we daşary ýurtly täze agzalary kabul etmek baradaky çözgütleri tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi.

Assosiasiýanyň on ikinji mejlisinde Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň Sport we bedenterbiýe işleri komitetiniň «Milli atly sport görnüşleri merkeziniň» direktory Amanžol Hasenow Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, özüniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi baradaky habary uly şatlyk bilen kabul edendigini nygtady.

Amanžol Hasenow türkmen halkynyň baý medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we taryhynyň özünde uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy. Taryhy çeşmelere görä, türkmen topragy atlaryň gadymy ahalteke tohumynyň watanydyr. Goňşy ýurduň wekili Gazagystanda atçylyk bilen ençeme ýyldan bäri gyzyklanyp gelýändigini belläp, assosiasiýanyň agzalary bilen bilelikde bu abraýly edaranyň işini mundan beýläk-de ösdürmekde öz goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaý atçylyk assosiasiýasynyň Ahalteke atçylyk akademiýasynyň prezidenti, «Datsin Hiyou» atçylyk kompaniýasynyň esaslandyryjysy — başlygy Liu Şutsin çykyş etdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň wekili hormatly Prezidenti mübärekläp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agza bolmaga ýüztutmasynyň kanagatlandyrylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Gadymy tohum aty bolan ahalteke bedewine tutuş dünýäde ýokary baha berilýär. Hakykatdan-da, bu tohum aty gözelligi, syrdamlygy bilen ähli janköýerleri haýran galdyrýar. Hytaýda behişdi ahalteke bedewlerine gyzyklanma has-da artýar diýip, jenap Liu Şutsin aýtdy hem-de atşynaslaryň ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny, sanynyň köpeldilmegini we meşhurlygyny artdyrmak üçin başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Ol ençeme ýylyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynda arassa ganly ahalteke bedewleriniň goralyp saklanmagyna we köpeldilmegine ygrarlylyk görkezilýändigini belläp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň şu günki mejlisinde çykyş eden daşary ýurtly agzalaryna minnetdarlyk bildirip, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp bolanlary hem-de assosiasiýanyň agzalygyna täze kabul edilenleri bu şanly wakalar bilen gutlady we olara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň