Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini geçirdi

12:1020.04.2022
0
7104

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Oguzkent» myhmanhanasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, hormatly Prezident maslahatlar zalyna gelip, hemmeleri şu günki çäräniň açylmagy we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady hem-de mejlisiň gün tertibini yglan etdi. Gün tertibine Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde duran möhüm wezipeleri anyklaşdyrmak, onuň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, assosiasiýanyň düzümine täze agzalary kabul etmek hem-de guramaçylyk bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanynyň Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek, bedewleriň gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek we olaryň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakyndaky giňişleýin çykyşy tamamlanandan soňra, assosiasiýanyň dünýä döwletlerinde ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barýan agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.

Soňra mejlisiň gün tertibine laýyklykda, hormatly Prezident Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara gol çekdi. Mejlisiň ahyrynda guramaçylyk meseleleri bilen bagly resminamalaryň hem birnäçesi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň