Berdiýewiň topary ýeňlişden başlady. Ýöne türkmen hünärmeni “Rostow” üçin iň jüpüne düşen tälimçi diýip bilermen belleýär

03:2009.03.2015
0
2647

Aşgabat, 09.03.2015 “Türkmenportal”.

“Rostow” futbol topary Russiýanyň çempionatynyň ikinji böleginiň ilkinji duşuşygynda öz meýdanynda Moskwanyň “Lokomotiwinden” 0:1 hasabynda ýeňildi. Bu donly futbolçylaryň belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji resmi duşuşygydy.

Birinji ýarym haç bir topara üstünlik getirmedi. Arakesmeden soň bolsa hasap açyldy. 64-nji minutda Samedowyň sag gyradan geçiren pökgüsini Şkuletiç kellesi bilen urup derwezä gönükdirdi. Rostowlylar hasaby deňlemek üçin kän jan çekdiler. Hatda eýranly türkmen futbolçysy Serdar Azmunyň meýdana girmegi we yhlas etmegi-de netije bermedi.

“Rostow” häzirem iň soňky orunda barýar. Ýöne “Biziň futbolumyz” teleýaýlymynyň belli teswirleýjisi Mihail Polenowyň aýtmagyna görä, Donuň topary häzirlikçe öz hakyky eýelemeli ýerinde baranok.

“Rostowa” uly tälimçi, baý tejribesi bolan Gurban Berdiýew geldi. Şeýle hem topara netije getirip biljek oýunçylar satyn alyndy. Men rostowlylaryň aşaky liga gaçmaga beýlede dursun, hatda goşmaça duşuşyklara gatnaşmajakdygyna hem kepil geçip biljek” diýip, futbol bilermeni belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň