14-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna bardy. Saparyň ilkinji güni döwlet Baştutany bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ýerde hyzmatlar ulgamyny ösdürmek we tomusky dynç alyş möwsüminiň ýetip gelýändigini nazara almak bilen, uly ýaşly adamlaryňdyr çagalaryň dynç alýan möwsümine göwnejaý taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda ýurduň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.