Soňky habarlar

Arhiw

«Zemmhome» dükany ýumşak mebelleriň bahasyny 30%-e çenli arzanlatdy

10:3013.04.2022
0
4512

«Zemmhome» öý bezegleriniň dükany diwanlaryna we kreslolaryna 8%-den 30%-e çenli arzanladyş yglan etdi.

Dükanyň hünärmenleriniň bellemegine görä, ýumşak mebelleri öndüriji kärhanalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijesinde ýokary hilli mebeller amatly bahalardan hödürlenýär.

«Zemmhome» dükanyndan klassik stilde taýýarlanan ýumşak mebelleri, şeýle-de kiçi göwrümli ýerler üçin gerek bolan islendik mebeli tapyp bilersiňiz.

Mundan başga-da, dükanda alyjylara ýetirilýän kreslodyr diwanlardan ofis gurşawyny hem döretmek bolýar. Bu ugurda ýerlikli saýlanan mebeller diňe bir hyzmatdaşlaryňyz bilen duşuşyklary geçirmekde däl-de, eýsem boş wagtlaryňda rahat dynç almak üçin hem zerurdyr.

Şeýle-de dükandan dürli hili dokma önümlerini, nusgawy ýadygärlikleri, ajaýyp gap-gaçlary, halylary hem-de dürli stile kybap gelýän mebel önümlerini tapyp bilersiňiz.

Dükanyň harytlarynyň köpdürli görnüşleri bilen zemmhome.com internet saýty boýunça ýa-da şu salga baryp tanşyp bilersiňiz: Änew şäheri, Ahal köçesi, 27/1 jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 50 10 34, 800 137 45 5 42.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň