Soňky habarlar

Arhiw

«Zemmhome» dükany ýatylýan otaglaryň mebelleri üçin 30% arzanladyş yglan etdi

10:4810.03.2022
0
5640

«Zemmhome» öý bezegleriniň we mebelleriň dükany öýleriň ýatylýan otaglarynyň mebelleri üçin 30% arzanladyş yglan edýär.

Türkiýede öndürilýän «Assara», «Zett» hem-de «Sanat» ýaly ýokary hilli önümçilik kärhanalarynyň döwrebap mebelleri öýlerde ýakymly bezegi, aýdyňlygy döretmäge, onuň görküni artdyrmaga ýardam eder. Olar ýokary hildäki tebigy materiallardan ýasalyp, oňaýlylyk üçin ähli şertleri özünde jemleýär.

Açylanyna köp wagt bolmadyk dükan mebel görnüşleriniň köpdürlüligi, täsin bezegleri hem-de öý bezegi üçin göwnejaý maslahatlary bilen jemgyýetde eýýäm meşhurlyga eýe boldy. Dükan dürli stildäki harytlary hem-de ýerlikli çözgütleri bilen öýleri aňrybaş bezemäge giňden goldaw berýär.

«Zemmhome» dükanynyň haryt görnüşleri bilen onuň web saýtyndan ýa-da dükanyň görkezilen salgysyna baryp tanşyp bilersiňiz: Änew şäherçesi, Ahal köçesi, jaý 27/1. Dükanyň sahypasyndaky gözleg ulgamy arkaly özüňize gerek harytlary tiz hem ýeňil taparsyňyz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň