Soňky habarlar

Arhiw

«Zemmhome» dükany öýleri bezemek üçin suratlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär

11:4223.02.2022
0
14271

«Zemmhome» mebelleriň we öý goş-goşlarynyň dükany paýtagtyň ýaşaýjylaryny özboluşly nakgaşlyk eserleri hem-de panno suratlary ýaly öý bezegleriniň görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Bu suratlar dürli hili tehnikalarda we döwrebap stillerde ýerine ýetirilip, olaryň hatarynda grafikadan başlap, nakgaşlyk eserleriniň nusgawy we häzirki zaman nusgalary, şeýle hem fotosuratlardyr fotokollažlar bar. «Zemmhome» dükanyndaky bu suratlaryň köpdürlüligi hem-de ölçegleri islendik öý bezegine kybap gelýär.

Peýzažlaryň, natýurmortlaryň, haýwanlaryň we abstrakt suratlaryň görnüşleri surat saýlamakda giň mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda dükandaky suratlaryň islendigini 20% arzanladyş bilen almak bolýar.

«Zemmhome» dükanyndan suratlardan başga-da, dürli görnüşdäki ýokary hilli mebelleri, öý üçin dokma önümlerini, elde we maşynda dokalan halylary, dürli gap-gaç önümlerini, şeýle hem dizaýnerlik çyralarynyň we güldanlaryň dürli görnüşlerini tapyp bilersiňiz.

«Zemmhome» dükanynyň haryt görnüşleri bilen degişli saýtdan ýa-da dükanyň görkezilen salgysyna baryp tanşyp bilersiňiz: Änew şäherçesi, Ahal köçesi, jaý 27/1. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 50 10 34, 800 137 4 55 42.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň