Soňky habarlar

Arhiw

“Zemmhome” dükany alyjylary göwnejaý kitap tekjeleri bilen begendirýär

14:0501.04.2022
0
4950

“Zemmhome” dükany öýlerde diňe bir kitap goýmak üçin däl-de, eýsem onuň içerki bezegine gözellik berjek kitap tekjelerini we beýleki dürli hili tekjeleri müşderileriň dykgatyna ýetirýär.

Häzirki internetiň ösen döwründe elektron kitaplar adaty kagyz kitaplaryň ornuny çalyşýan bolsa-da, öý kitaphanasy şu güne çenli möhümligini ýitirmän gelýär. “Zemmhome” dükany kitap tekjeleriniň giň görnüşi bilen siziň bu babatdaky islegleriňiziň özboluşlylygyna we aýratynlygyna ünsi çekýär. Bu ýerden diwarlyk, ýerde goýmak üçin, gönüburçluk, üçburçluk, konus şekilli, şeýle-de nusgawy we döwrebap kitap tekjelerini tapyp bilersiňiz. “Zemmhome” dükanynyň önümleri dürli ululykda we diametrde, beýikligine we inine laýyklykda demir çarçuwadan we tebigy EKO agaçdan ýasalýar. Bu tekjeleri diňe bir kitaplar bilen däl-de, heýkeljikler, küýzeler, güller hem-de suratlar ýaly bezeg önümleri bilen baýlaşdyryp bolýar.

“Zemmhome” dükanynyň köpdürli harytlary we olaryň bahalarynyň amatly sazlaşygy hem-de hili öýlerde oňaýly gurşawy döretmäge ýardam edýär.

“Zemmhome” dükanynyň haryt görnüşleri bilen degişli saýtdan ýa-da dükanyň görkezilen salgysyna baryp tanşyp bilersiňiz: Änew şäherçesi, Ahal köçesi, jaý 27/1.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 50 10 34, 800 137 4 55 42.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň