AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Şabab Al-Ahli» bilen «Fulad» deňme-deň oýnady

01:1511.04.2022
0
3092

Jidda şäherinde AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynyň duşuşygynda BAE-niň «Şabab Al-Ahli» we Eýranyň «Fulad» toparlary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

«Şabab Al-Ahliniň» ýeke-äk pökgüsini Fereriko Kartabýa geçirdi. «Fulad» BAE-niň toparynyň goragçysy Ahmad Nurollahiniň öz derwezesine geçiren pökgüsi bilen tapawutlandy.

14-nji aprelde «Fulad» Türkmenistanyň «Ahal», «Şabab Al-Ahli» bolsa Kataryň «Al-Garafa» topary bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň