Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

21:1407.04.2022
0
3526

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022-niň 1-nji tapgyrynyň çäginde anna güni Jidda şäherinde Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Şabab Al-Ahliniň» arasynda duşuşyk bolar.

Turkmenportala mälim bolşy ýaly, duşuşykda eminleriň halkara topary işlär. Duşuşygyň baş emini 42 ýaşly FIFA derejeli hünärmen Rowan Arumugan (Hindistan) bolar. Oňa Arun Pillai (Hindistan) bilen Mohamad Zairul bin Halil Tan (Malaýziýa) ýardam berer. Ätiýaçdaky emin bolsa Muhammed Nazmi Nasaruddin (Malaýziýa) bolar.

8-nji aprel güni gije sagat 01:15-de ýaňlanjak başllangyç tüýdügiň owazy bilen «Ahal» taryhyndaky ilkinji gezek Çempionlar ligasyndaky duşuşygyna girişer.

Duşuşygyň Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkeziljekdigini ýatladýarys. Bu ýaýlym Türkmenistanyň çägindäki IPTV-de elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň