Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly el işleriniň ussady milli lybaslarda täze gurjaklar ýygyndysyny döretdi

14:2407.04.2022
0
9611

Ozal habar berşimiz ýaly, el işleriniň ussady Gülälek Babakulowa bu gezek türkmeniň milli lybasyndaky oglan gurjaklarynyň ýygyndysyny döretdi. Onda atly ýigitler, milli oýun oýnap duran oglanlar, kiçijek çopanlar, şeýle-de türkmeniň nesilbaşysy bolan Oguz han we onuň alty ogly ýaly gurjaklar ýygyndylary bar.

«Turkmenportalyň» habarçysy el işleriniň ussady bilen söhbetdeş boldy.

— Gülälek, söhbetdeşligimiziň başynda özüniň hakda gürrüň beräýseňiz: nireden, hünäriňiz näme, nirede zähmet çekýäňiz?

— Özüm Änew şäherinde ýaşaýaryn. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili fakultetini tamamladym. Hünärim boýunça filolog, rus dili we edebiýaty mugallymy. Häzirki wagtda Ak bugdaý etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň ýolbaşçysy bolup zähmet çekýärin.

— Gurjak ýasap başlamagyňyzyň syry nämede?

— Kakam Nalçik şäherinden ilkinji gurjagymy getirip berdi. Men oňa Uzuk diýip at goýdum. Sebäbi kakam maňa «Uzuk gyzym» diýip ýüzlenýärdi. Mende henizem bu gurjak bar. Men ony ähli bäsleşiklere we sergilere alyp gidýärin. Gyzymyň dünýä inmegi bilen durmuşym has-da özgerdi we şonda men özüme gurjak ýasamagy taşlamajakdygyma söz berdim. Gyzyma milli lybaslary geýdirýän wagtym, gurjaklara hem milli lybaslary geýdirmäge mende höwes döreýär.

— Gurjaklar ýygyndysyny döretmek işi adatça nähili ýagdaýda geçýär?

— Işim döredijilik mekdebinde bolansoň, meniň gurjak ýasamak bilen gyzyklanýandygymy her kim bilýär. Işdeşlerim we dostlarym özleriniň gurjaklaryny getirýärler. Men bu oýnawaçlara ikinji durmuş berýärin: her bir gurjak öz adyny we taryhyny alýar. Mysal üçin bir gün goňşym köçeden tapyp gurjak getirip berdi. Onuň hemme ýeri hapady, men ony arassaladym, geýindirdim, oňa Bossan diýip at berdim. Bu gurjak bilen Ak bugdaý etrabynda geçirilen sergide baş baýraga mynasyp boldum.

— Gurjak lybaslaryňyzyň täze ýygyndysy öňküden nähili tapawutlanýar?

— Men şu wagta çenli oglan gurjaklaryny ýasamadym. Täze ýygyndy oglan gahrymanlardan ybarat. 7-nji synp mekdep okuwçylarynyň «Türkmenistanyň taryhy» kitabyndaky suratlara salgylanyp lybas döredip, türkmen halkynyň taryhy gymmatlyklaryna ünsi jemledim.

— Täze pikirler nähili ýüze çykýar? Size näme ylham berýär?

— Gurjaklary gören badyma maňa ylham gelýär. Gijelerine pikirler gelse-de, ýerimden turup, depderçäme bellik etýän. Häzirki wagtda men 3D görnüşdäki suratymyň üstünde işleýärin: onda alajadan edilen agajyň töwereginde elleri dutarly 12 sany gyz ýerleşdiriler.

— Gurjaklaryňyzyň geljegi nähili?

— Gurjaklar ýygyndym 200 gurjakdan ybarat. Men olary satmagy meýilleşdiremok. Olar bilen dürli görnüşdäki sergilere we bäsleşiklere gatnaşmak isleýärin. Şu ýerde belläp geçsek, gurjaklarymdan düzülen kompozisiýa 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlaryndaky wakalary bezedi.

— Ýakyn geljek üçin nähili meýilnamalaryňyz bar?

— Gurjaklarym bilen halkara derejesine çykmak hem-de gurjaklarymy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek.

— Gülälek, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Size bütin dünýäde türkmen halkynyň däp-dessurlaryny we sungatyny wagyz etmek ýaly alyp barýan asylly işiňizde üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Gülälek Babakulowanyň «Milli lybasly eneler we çagalar» atly halkara surat bäsleşiginiň ýeňijileriniň sanawyna girendigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň