Aşgabatda ulaglaryň hereketi çäklendirildi, Hindi Lideri Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady, «PETRONAS» kompaniýasy Türkmenistanda işe çagyrýar we beýleki täzelikler

11:1504.04.2022
0
11445

1. Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi ekologiýa çäresi bilen belläp geçer. 4-11-nji aprel aralygynda ir sagat 8:00-dan agşam 18:00-a çenli Aşgabatda ulaglaryň hereketi çäklendiriler. Şäheriň köçelerinde welosipedli ýörişler geçiriler. Oňa isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp biler.

2. Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde, 2-nji aprelde Gypjaga baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady we kümmede gül dessesini goýdy. Hindi Lideri 1-4-nji aprel aralygynda Türkmenistanda döwlet sapary bilen boldy.

3. «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Gyýanlyda işlemek üçin tejribeli lukmany işe çagyrýar. Işe girmäge isleg bildirýän dalaşgärler degişli sowalnamalary Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilerler.

4. Türkmenistan UNIPO-2022 halkara onlaýn olimpiadasynda 9 sany baýrakly orna mynasyp boldy. Medallar «Ylym», «Innowasiýa», «Sungat we Foto» we «IT-tehnologiýalar» ugurlarda gazanyldy. «Ylym» ugry boýunça ýeňiş gazanan Begenç Baýramow VILIPO Olympiad-2022-niň glonal tapgyryna gatnaşar.

5. «Ahal» futbol topary AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna ugrady. Ýaryşlar Saud Arabystanynda merkezleşdirilen görnüşde 7-14-nji aprelde geçiriler. Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalçysy «Ahal» toparçadan üstünlikli çykyp, ýaryşy 1/8 finallarda dowam etdirmek üçin Eýranyň «Fulad», BAE-niň «Şabab al-Ahli» we Kataryň «Al-Garafa» toparlary bilen güýç synanyşar.

6. Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Gyrgyzystana ugrady. Ýurdumyzyň milli ýygyndysy Eýranyň, Maldiwleriň Gyrgyzystanyň ýygyndylary bilen duşuşar. Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

7. Russiýada koronawirusyň öňüni almak üçin ilkinji waksina bellige alyndy. Bu waksina ýörite pürküjiniň kömegi bilen burun boşlugyna sepilýär. Şeýlelikde dem alyş traktynyň nemli bardasynda we ganda immunitet emele gelýär.

8. Aktýor Uill Smit Amerikan kinoakademiýasynyň düzüminden meýletin çykmakçydygyny yglan etdi. Bu barada aktýor «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda bolan gopgundan soň aýtdy. «Meniň kinoakademiýanyň baýraklarynyň 94-nji gowşurylyşyndaky eden işim ýerliksiz, agyryly we bagyşlap bolmajak etmiş boldy diýip», – Smit beýanat berende aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň