Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna ugrady

16:5602.04.2022
0
8490

Şu gün «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna ugrady. Bu barada «Türkmensport» web saýty habar berýär.

Türkmenistanyň wise-çempionynyň tälimçiler we futbolçylar düzümi Farap gümrük nokady arkaly Özbegistana geçdiler. Bu ýerden Daşkent şäherine baran ildeşlerimiz goňşy döwletiň paýtagtyndan Saud Arabystanyna uçarlar.

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinde «Ahalyň» wekiliýetini Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Lebap welaýatyndaky wekili Kamil Priýew garşylady. Topar awtobusda Farap gümrük nokadyna bardy.

AFK Çempionlar ligasynyň Günbatar sebitiniň duşuşyklary 7-nji aprelde badalga alar. Has takygy, «Ahal» şol günden 26-njy aprele çenli toparçada üç garşydaşy bilen alty duşuşyk geçirer.

«Ahal» Günbatar zolakda ýerleşýän «C» toparçanyň wekilidir. Biziň ildeşlerimiz toparçadan üstünlikli çykyp, ýaryşy 1/8 finallarda dowam etdirmek üçin Eýranyň «Fulad», BAE-niň «Şabab al-Ahli» we Kataryň «Al-Garafa» toparlary bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň