Top.Mail.Ru

Futbol boýunça dünýä çempionatynda oýnaljak pökgi bilen tanyşdyryldy

19:5830.03.2022
0
6772

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) we «Adidas» kompaniýasy şu ýyl Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda oýnaljak pökgini jemgyýetçilige tanyşdyrdy. Pökgi «Al Rihla» diýlip atlandyrylýar. Ol türkmen diline terjime edilende, «syýahat» diýen manyny berýär.

Pökginiň bezeginde dünýä çempionatyny kabul etjek döwletiň medeniýeti, binagärlik aýratynlygy we baýdagy öz beýanyny tapypdyr.

Germaniýanyň «Adidas» kompaniýasy bassyr 14 dünýä çempionatynyň pökgüsini taslap, mundialy pökgi bilen üpjün edip gelýär. Dünýä çempionatynda ulanylýan pökgüler beýleki çempionatlaryň ählisine garanda has amatlydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň