Arhiw

Şu ýyl Türkmenistanda 2 müň 300 tonna pile öndüriler

16:1729.03.2022
0
6791

Türkmenistanda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylyp, şu ýyl ýurtda jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýändigi, şeýle-de welaýatlarda ýüpek gurçugynyň tohumlaryny taýýarlamak hem-de pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer E.Orazgeldiýew 28-nji martda sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda hasabat berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna ýurtda pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görlüşi, pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda, welaýatlarda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe degişli görkezmeler berildi.

Belläp geçsek, 2021-nji ýylda Türkmenistanda ýüpek gurçugyndan 2100 tonnadan gowrak pile öndürildi. Bu bolsa öňde goýlan borçnamalaýyn şertnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň