Serdar Berdimuhamedow Tokaýewi Nowruz baýramy bilen gutlady

16:3125.03.2022
0
5420

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi we Gazagystanyň ähli halkyny Nowruz baýramy bilen gutlady.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda: «Gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän Nowruz baýramy tebigatyň, ýaşaýşyň janlanandygyny hem-de baharyň gelendigini aňladýar. Bu baýramçylyk myhmansöýerlik, parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan däbi birleşdirýär. Şonuň üçin bu baýramyň bellenilmegi halklaryň agzybirligini we dostlugyny berkitmekde möhümdir. Goý, Nowruz baýramy Size we Gazagystanyň ähli halkyna şatlyk, parahatçylyk we abadançylyk getirsin» — diýip, belläp geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň