Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistana howany zyýansyzlandyrmak üçin 281 sany ykjam enjamy iberdi. Enjamlary mundan beýläk lukmançylyk edaralarynda we sanitariýa we epidemiologiki hyzmatlarynda ulanmak meýilleşdirilýär. Bu barada BMGÖM-iň metbugat gullugyna salgylanmak bilen SNG.TODAY tarapyndan habar berilýär.
Bu ýöriteleşdirilen enjamlaryň bütin dünýäde ýokanç keselleri döredýän mikroorganizmlere garşy göreşmek üçin ulanylýandygy bellendi.
2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMGÖM bilen Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän COVID-19 taslamasyny durmuşa geçirmek barada şertnama baglaşdy.
Taslamanyň býudjeti 20 million ABŞ dollaryna barabardyr.