Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan daşary ýurtly syýahatçylar üçin ýollaryny açýar

12:0517.03.2022
0
6992
Özbegistan daşary ýurtly syýahatçylar üçin ýollaryny açýar
Surat: iz.ru

Özbegistan daşary ýurtly jahankeşdeler üçin ýurda girmek bilen bagly çäklendirmeleri doly ýatyrdy diýip, regnum.ru saýty habar berýär. Degişli çözgüt ýurduň Respublika komissiýasy tarapyndan daşary ýurtlar bilen syýahatçylyk gatnaşyklaryny dessin dikeltmek nazarda tutulyp kabul edildi.

16-njy martdan başlap, şahsy pasporty we COVID-19 sanjymyny tassyklaýan kepilnamasy bolan islendik daşary ýurtly raýat PSR testlerini tabşyrmazdan ýurduň çägine girip biler. Sanjymy alandygyny tassyklaýan kepilnamasy ýanynda bolmadyk raýatlar bolsa 72 sagadyň dowamynda oňa güwä geçýän hem-de otrisatel netijäni tassyklaýan QR kody arkaly barlagdan geçip bilerler. Resminamalaryň bolmadyk ýagdaýynda hem ýolagçy ýurduň çägine gireninden soň gyssagly ekspress testini tabşyryp biler.

Internet neşirde bellenilişine görä, häzirki wagtda Gazagystanyň we Özbegistanyň raýatlarynyň serhetdäki ähli gözegçilik nokatlaryndan erkin geçmegine girizilen ähli çäklendirmeler, şeýle hem Özbegistan bilen Täjigistan döwletleriniň serhedindäki ýer gözegçilik nokatlaryndan ähli adamlaryň hereket etmegine girizilen wagtlaýyn çäklendirmeler aýrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň