Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýene bir zenan 100 ýaşy arka atdy

11:4810.03.2022
0
29805

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy Gurbantäç Alyýewa 100 ýaşy arka atdy diýip, «Balkan» gazeti habar berýär.

Halk arasynda Älem ene ýaşlygyndan tagam taýýarlamakda, keşde çekmekde, haly-palas dokamakda, keçe güllemekde, aýdylyşy ýaly, öňüne zenan geçirmeýär. Ol öz obadaşy Alaý Hallysähedow bilen durmuş gurýar. Döwrüniň kynçylykly ýyllarynyň güzabyny gözi bilen görýär, egni bilen çekýär.

Älem enä 100 ýaşynyň dolmagy mynasybetli welaýat hem-de etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleri tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

— Ýaş wagtymyz bir döwüm çörek üçin gijämizi gündiz edip işlärdik. Adamym bilen gündiz mal-garanyň yzynda gezerdik, meýdan işlerine-de ýetişerdik. Gün eňegini ýere berende öýe dolanardyk, gijäniň ýary bolýança-da öçügsi çyranyň ýagtysyna tikin tikerdim, ellik--jorap örerdim. Her kimiň bu günki iýjegi tapylsa ertiri gaýgydyr. Soňra uruş belasy başymyzdan indi. Sabyr edip, şu günlere ýetdik. «Şol agyr ýyllaryň kynçylygyny görseňem, tüweleme, uzak ýaşa ýetipsiň» diýýänem bar maňa. Aslynda, meniň mamamam, ejemem 100 ýaşy gören zenanlar. Doganlarymyňam dokuzynjy onlukdan gädip ugranlary bar. Uzak ýaşamagyň syry barada soranlarynda, ilkinji nobatda, hemişe hereketde bolmaly diýip, arkaýyn aýdyp bilerin. Galyberse-de, ruhubelentlik, kadaly uky we dogry iýmitlenmek — ýaşyňy uzaldýan zatlar. Heniz aga-gara düşünip başlanymyzdan, ejem bizi bir salymam işsiz oturtmazdy. Soň-soňlar bu durmuş endigi bolup galdy. Häzirem 100 ýaşadym diýip, gol gowşuryp oturamok. Agtyk-çowluklarymy hünäre ugrukdyrýaryn. Aýratynam, ýaş gyz çowluklarymyň golaýymda ýaşaýanlaryny ünsden düşüremok. Ýaşlary, onda-da ýaş gyzlary zähmete ugrukdyrmak borjy hemişe-de enäniň egninde durýar ― diýip, bir asyry arka atan ene gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.

Bagtly maşgala baş bolup oturan mährem enäniň 10 çagasy, 38 agtygy, 83 çowlugy, 10 ýuwlugy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň