Russiýa Aşgabatdan Moskwa ýene bir ýörite uçusy amala aşyrar

18:0707.03.2022
0
30842

Aşgabatdan Moskwa nobatdaky ýörite uçuş 9-njy martda «Türkmenhowaýollarynyň» uçary bilen amala aşyrylar. Degişli bildiriş Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram sahypasynda ýerleşdirildi.

Görkezilen uçuşa bilet satmak 7-nji martda sagat 15:00-a çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky hem-de welaýatlardaky bölümlerinde amala aşyrylar.

  • Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesiniň 211-nji jaýy (+99312391701)
  • Mary şäheri, Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýy (8 00522 32777)
  • Türkmenabat şäheri, Magtymguly köçesiniň 80-nji jaýy (+99342239210)
  • Daşoguz şäheri, Ruhnama köçesiniň 100-nji jaýy (+99332290058 / 91221/92020)
  • Türkmenbaşy şäheri, Azady köçesiniň 2-nji jaýy (+99324350052)

Nobatdaky ýörite uçuş Aşgabat wagty bilen 00:40-da (8-nji martdan 9-njy marta geçilýän gije) amala aşyrylar.

Ýolagçy biletleriň bahasy 400 amerikan dollary. Töleg daşary ýurt walýutasy esasynda amala aşyrylýar. Ýolagçylar tölegler baradaky anyk maglumatlary awiakompaniýadan sorap bilerler.

Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlar bilen yzygiderli gatnawlarynyň dünýäde ýüze çykan güýçli koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek. Ozal ýurtlaryň arasynda ýörite guralýan howa gatnawlary adatça Russiýanyň «Sibir» howa ýoly Türkmenabat howa menzilinden alyp barýardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň