Türkmen diplomatlary BMG-niň syýahatçylyk boýunça sebitleýin mejlisine gatnaşdylar

13:0011.04.2024
0
9125

Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasynyň wekilleri 8–9-njy aprelde Albaniýanyň Tirana şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa sebitleýin syýahatçylyk komissiýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Çärä Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, Albaniýanyň Ministrler Geňeşiniň başlygy Edi Rama, syýahatçylyk ministrleri, ilçiler we komissiýa agza ýurtlaryň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda çärä gatnaşyjylar iş meýilnamalarynyň çäginde Komissiýanyň işini görkezýän hasabatlary berdiler.

Albaniýanyň Ministrler Geňeşiniň başlygy we UNWTO-nyň Baş sekretary sebitde we dünýä derejesinde syýahatçylygy ösdürmek ugrundaky esasy ugurlary kesgitleýän möhüm çykyşlary etdiler.

Türkmenistan guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa sebitleýin syýahatçylyk komissiýasynyň sekretariaty bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär we halkara syýahatçylygy ösdürmäge we bu ugurda özara gatnaşyklary güýçlendirmäge gyzyklanýandygyny tassyklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň