Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Belyh «Kaganatyň» tälimçiler düzümine goşuldy

23:5005.03.2022
0
5489
Türkmenistanyň ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Belyh «Kaganatyň» tälimçiler düzümine goşuldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Maksim Belyh Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynyň wekili «Kaganatyň» tälimçiler düzümine goşuldy. Bu barada «SportMedia» habar berýär.

Ol Röwşen Meredowyň tälimçiler düzüminde işlär, ýöne çeşme onuň asyl işiniň näme boljakdygy barada ýazmady.

Maksim Belyhyň ozal «Ahalyň» we Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişeniň tälimçiler düzüminde hem işländigini ýatladýarys.

«Kaganat» Oş şäherinde 2018-nji ýylda döredilen topardyr. Ol Asyl Mominow adyndaky futbol akademiýasynyň binýadynda döredildi. Bu akademiýa Gyrgyzystandaky iň iri futbol mekdepleriniň biridir. Topar öz meýdanyndaky duşuşyklaryny Ahmatbek Suýumbaýew adyndaky «Oş» Merkezi stadionynda geçirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň