Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda desgalaryň gurluşygynyň möhletine we hiline gözegçilik güýçlendiriler

23:0804.03.2022
0
9328

Türkmenistanda 2022-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamagyna we hiline gözegçilik güýçlendiriler. Degişli Buýruga Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Bu barada türkmen telewideniýesiniň «Watan» gepleşigi habar berdi.

Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi möhlet tertibine laýyklykda her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary, desgalary kesgitlemeli we , olaryň geçiriljek çäreleriň, açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmeli.

Şeýle hem resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygynyň möhlet tertibine laýyklykda alnyp barlyşy barada her aýlyk hasabaty ýöretmek hem-de şol hasabaty degişlilikde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň