Şanhaýda syçanlar dükandan iki müň ýuan ogurladylar

14:2702.03.2022
0
3731

Hytaýyň Şanhaý şäherindäki supermarketleriň birinde syçanlar iki müň ýuan ogurladylar. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berdi.

Dükanyň işgärleri ogurlyk barada ýerli polisiýa habar berdiler. Olar dükana gelenlerinde, hadysanyň bolan ýerini barlap ýörkäler, diwardaky deşigi gördüler. Görlüp oturylsa, gemrijiler ol ýere pullary daşap, soňam olary mesgenlerini ýylayjak etmek üçin jyrrym-jyrrym edipdirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň