Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda «Düzümleýin dialog» geçirilýär

23:1024.02.2022
0
3741

24-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde « Düzümleýin dialog» başlandy.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdy, britan wekiliýetine Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Jastin Mak Kenzi ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar, şeýle-de, sebit we halkara derejesindäki özara hereketleriň derwaýys ugurlaryna hem seredip geçdiler.

Iki ýurduň halkara giňişligindäki, hususan-da, BMG-niň we beýleki guramalaryň çygryndaky netijeli hyzmatdaşlygynyň has hem giňeldilmeginiň hem-de pugtalandyrylmagynyň zerurlygy nygtaldy. Şunda abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy bellenildi.

Taraplar şu ýyl Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini kanagatlanma bilen bellediler hem-de bu şanly senä bagyşlanyp birnäçe çäreleriň geçirilmegini hem teklip etdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň Owganystanyň syýasatyna we ykdysadyýetine gatnaşykdaky çemeleşmeleri babatynda pikir alyşdylar, şeýle-de, terrorçylyga garşy göreşmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, «ýaşyl ykdysadyýet» ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna hem syn berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) ähmiýetli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy arkaly özara söwdanyň göwrüminiň artdyrylmagy boýunça geljekki hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy belläp geçdiler.

Häzirki epidemiologik ýagdaýlar bilen bagly meseleler hem diplomatlar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de olar pandemiýadan soňky ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy arkaly gatnaşyklaryň has işjeňleşdirilmegi babatynda ylalaşdylar.

25-nji fewralda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky « Düzümleýin dialog» öz işini dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň