Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

21:5224.02.2022
0
3345

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha hem-de ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen Lideri gutlag hatynda Türkmenistan bilen Kuweýtiň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi hem-de bu hyzmatdaşlygyň biziň doganlyk halklarymyzy dürli ugurlarda möhüm ösüşlere ýetirmekde uly mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Kuweýtiň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň