Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi.
Döwlet Baştutany bu ýerde, ilki bilen, şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine barýan pursadynda täze dünýä inen we atşynaslaryň haýyşy boýunça at goýan taýçanagy bilen didarlaşdy. Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylandygyndan ugur alyp, bu taýçanaga Zaman diýip at dakypdy...
Döwlet Baştutany täze ýylyň ilkinji günlerinde dünýä inen nurana taýçanaga göwnejaý ideg edilýändigini, onuň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz “At — myrat” diýlişi ýaly, häzir pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap dowam edýändigini, behişdi bedewleriň göwnejaý idedilmegine, olaryň tohum arassalygynyň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, atşynaslara alyp barýan asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şol pursatda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen alabaýa at dakyp bermek haýyş edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti täze doglan güjügi synlap, alabaýlaryň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini emele getirýär.
Döwlet Baştutany ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy.