Şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen hususyýetçileri pomidoryň 10,5 müň tonnasyny eksporta goýberdiler diýip, TSTB-niň resmi saýty ýazýar.
Türkmen pomidorlary, esasan, goňşy ýurtlara eksport edilýär. Geçen aýda önümleri Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana we Birleşen Arap Emirliklerine ugradyldy.
2021-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkmenistandan umumy bahasy 56 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan 51 müň tonnadan gowrak pomidoryň eksport edilendigini ýatladýarys.
Türkmen telekeçileri pomidoryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Ösümliklere ideg etmegiň innowasion usullary ýylboýy pomidor ösdürip ýetişdirmäge kömek edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda 188 sany ýyladyşhana toplumy gurulýar . Gurulýan ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 1792 gektara ýetýär.