Soňky habarlar

Arhiw

Finlýandiýanyň hokkeý boýunça ýygyndy topary olimpiýa çempiony boldy

15:0020.02.2022
0
4449
Finlýandiýanyň  hokkeý boýunça ýygyndy topary olimpiýa çempiony boldy
Surat: www.twitter.com/leijonat

Finlýandiýanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Pekinde geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi boldy. Olimpiadanyň çäginde geçirilen ýaryşyň finalynda finler rus hokkeýçilerinden üstün çykdylar. Duşuşyk 2:1 (0:1, 1:0, 1:0) hasabynda tamamlandy.

Russiýanyň milli ýygyndy toparyndan ýeke-täk şaýbany 8-nji minutda Mihail Grigorenko geçirdi. Fin toparyndan bolsa Wille Pokka bilen Hannes Börninen tapawutlandy.

Netijede Finlýandiýanyň topary gyşky Olimpiýa oýunlarynda hokkeý boýunça ilkinji gezek taryhy çempionlygyny gazandy. Mundan ozal finler iki gezek — Kalgaride (1988 ý.) hem-de Turinde (2006 ý.) Olimpiadanyň kümüş medalyna mynasyp bolupdylar.

Hytaýda geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynyň hokkeý boýunça ýaryşynyň üçünji baýrakly ornuny Şwesiýanyň toparyny 4:0 hasabynda ýeňmegi başaran Slowakiýanyň milli ýygyndysy eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň