Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýaşlar üçin sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslary boýunça maslahat geçirildi

11:3119.02.2022
0
5550

Türkmenistandaky Migrasiýa boýunça halkara guramasy Ýewraziýa Gaznasy bilen bilelikde ýaşlar üçin sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslary boýunça maslahat geçirdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, maslahata Türkmenistanyň ähli ýerlerinden ýaşlar, şeýle-de, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň we Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady ýaşlara ýokanç keselleriň profilaktikasy we ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleri boýunça habardarlygy ýokarlandyrmagy, şahsy saglyk meselesine jogapkärli çemeleşmegi, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi öwüt-ündew etmekden ybarat boldy.

Maslahata gatnaşanlara 2021-2022-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmek we olara garşy göreşmegiň taýýarlyk meýilnamasy, wirus ýokançlygynyň ýaýramagynyň öňüni almak, fiziki işjeňlik we dogry iýmitlenmek barada teklipler berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň